Surat

Kanunyň öňünde deňlik

"Equal means equal." Kamala Lopez

Kanunyň öňünde deňlik
deňligi aňladýar diňe!
Egilmegi aňlatmaýar,
epilmegi aňlatmýar,
däl ol asla çökmek dyza
wezipeliň öňünde,
ýylgyrmak däl günäli,
tutulan dek ogurlykda,
ýa-da işläp, aýlygyňy
para berip almak däl ol,
ogurlyga çokunmak däl,
sürýär diýip ogrular täk,
ýykylmak däl depilmäkäň,
ýa diýmek däl depjeklere:
"Wah, Siziiňki dogru-la!"
Kanunyň öňünde deňlik
deňlik ýaly gün öňünde,
hiç gün görmän gagşamak däl,
ýa ölmek däl gowrulyp.

Kanunyň öňünde deňlik
deňligi aňladýar diňe,
ýeňilmegi aňlatmýar,
söweşe çykmazdan burun,
dymmak däl ol mamla wagtyň,
öldürmek däl özüň urup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019