Surat

Meniň üçin

Meniň üçin telefon ýok, imel ýok,
ýurt bilen arada, alla.
Gürleşip bilemok dosty-ýar bilen,
çünki diňlenmegin islämok gepiň,
emel edip, oýnap, aldap,
hem soraga çekilmegin dostlaryň,
dogan-gardaş, uýalaryň;
gysylmagyn, basylmagyn islämok,
şugulçy bol diýip kimsäň,
parhy näme ýüzüň-ýeňsäň?

"Näme diýdi ýa-da näme isleýär,
nämejik soraýar göni ýa gytak?" -
diýip çüňke gabalmasyn garyplar,
pakyrlar türmede galan,
meniň üçin urulmasyn,
ýaňsylanmasyn bolman,
bakylmasyn gyýa hatda,
ýaşasyn, galsyn biraz
o diýen aýat bolmadyk,
emma herhal aýatda.

Meniň üçin telefon ýok, imel ýok,
ýa-da Skype, eý hudaý!
Ýurt bilen arada gara boşluk bar,
aňyrsyna göz ýetmez.
Bu ahwala duşman begenmez hatda,
bolmasa iň soňky ruhy gedaý.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024