Döwlet bolmak
Döwlet bolmak bäş-üç sany hak ýazan
žurnalisti kemsitmek däl türmede,
çagalaryn gorkuzmak däl çynçynyň,
kgb bilen ganly, diňe eli, goly däl,
geçmişi, gelşi bilen,
bölmek däl milleti haýyna, däle,
çöküşine bakyp dyza,
ýa-da balyk ýaly sessiz
ýaşap bilşine garap,
döwlet bolmak däl adamy
adam däl-de, etmek harap.
Terrorçylyk däl döwlet,
bolşuny däl, bolmalysyn yzlasaň,
goramak ol hak işi,
açlygy ýa ogurlygy,
talaňy goramak däl,
goramak däl talaňçyny,
ýalançyny goramak däl,
ýyldyz dakyp döşüne,
döwlet bolmak namartlyk däl,
garry-gurty, gurbatsyz ýa
çagalaryň çörek pulun
almak däl agzyndan gaňryp,
gidip bolmaz beýdip aňryk.