Surat

Hudaý bar bolsa

Hudaý bar bolsa, görer,
görmese-de owarram,
gowy bolsun niýetiň,
gahar etme kümsüge,
görümsize emel ýeten,
gözi ajy, göwni ajy
goldama goldasyn diýip,
dogmadyk bolsaň garrap?!

Hudaý bar bolsa, görer,
görmese-de owarram,
uzat eliň ezilene,
hakyn alyp bilmejek,
galyp bilmejek ýerinden,
gandallanan aňy, eli,
ejize eliň uzat,
eliň uzat ýetime,
naçara eliň uzat,
bolman ýylgyr ýüzüne,
gysganma hak sözüňi,
ýalan sözden bizar dünýe,
ýalan bilen dik durma,
egil aşak, galdyr ýoldan
bolman gyýçak bir daşy,
ýaradan ýalta bolmasa,
görüp hökman ýylgyrar,
bolman çytylmaz gaşy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024