• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Täze ýyl goşgusy

Ömür ýoly - çarkandak,
ýöremeseň, seňki däl!
Seniňki däl takyrlar,
hemem kötel dag ýoly,
çöl ýoly, çäge basan,
galdyrmasaň daşyny,
aýyrmasaň çamyryn,
çytyp geçip gaşyňy.

Seniňki däl gözleriň,
öz ýoluňy görmeseň,
seniňki däl sözleriň,
bermeliňe bermeseň,
aýaklaryň seňki däl,
gitmeliňe gitmeseň,
seniňki däl elleriň,
tutmalyňy tutmasaň.

Seniňki däl ýüregiň,
öz çagaňa agyrmasa,
seniňki däl kelläň hatda,
dogry ýola çagyrmasa,
seniňki däl ömür bussaň,
seniňki däl ömür sussaň,
seniňki däl gözýaşyň,
aglamasaň adam üçin,
seniňki däl uruşlar,
ýetim çaga, dul aýal,
ýeňişler seniňki däl,
seniňki däl ýeňilişler,
talaňçylyk seňki däl,
seniňki däl ýagşy, ýaman,
ýa aralyk pikir-päl,
sebäp sen özüňki däl!

Ömür ýoly, çarkandak,
tot-tozanly hem batga,
emma batga seňki däl,
hiç aýagyň batmasa,
geçjek hem gitjek bolup,
seniňki däl hapa, kirşen,
seniňki däl tämizlik,
seniňki däl derýalar,
dag çeşmesi, syzyp çykan,
teşne bolmasaň hemem
eňegiňi basmasaň,
seniňki däl köne ýyl,
seniňki däl Täze ýyl,
seniňki däl ýaşaýyş,
kyn bolsun ýa-da aňsat,
ýapyşmasaň ikelläp,
hem boýnuňdan asmasaň.

  • 01.01.2017
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019