Goşgy ýazmak
Düşündirmek üçin ýazmaz,
düşünensoň adam biraz,
düşünmek üçin ýazar,
ýazmaz ol özgeler üçin,
ýananyna ýanmadyk,
çekmedik hiç çekenin,
ýa seretmejek yza
göreniň gözi bilen,
ýazmaz ol kesekiň göwni
ýa başga zady üçin,
özi üçin ýazar ozal,
düşündirmek üçin ýanylmaz munda,
bu sowuk dünýäde üşäňsoň biraz,
öz oduňa çoýunmak bor,
ýylynmak bor ýazmak gazal!