Adam we utanç

Adamyň hudaýy barmy ýa-da ýok,
ýa hudaýa nä-neneňsi ynanýar,
ynanýarmy azajyk ýa ullakan,
biljek bolsaň seret utanýarmy ol
eden pesliginden, namartlygyndan,
kişiniň hakyny iýen ýerinden,
hak etmedik donun geýen ýerinden,
ýa baýrak alanda karam oýundan,
ornun ogurlanda dogryň hem dürsüň,
ýüzi gyzarýarmy onuň,
ýa wyždany azap berýärmi biraz,
ýa-da hiç zat bolmadyk deý,
edeninden yrza bolup gomalýar;
adamyň imany barmy ýa-da ýok,
dilde aýdýan sözünden däl,
utanjyndan aňlanýar,
aňlanýar ol haýasyndan,
adam utanjyny iýen ýerinde,
ýa ýuwdanda haýasyny,
hiç utanmaýar,
hiç uýalmaýar,
ýüzi beton ýaly bolýar,
gözlerinde nur galmaýar,
ýigrenç bolýar, aňyrsy
gözýetmez çuňluňa sepleşip gidýän,
ol utançly hem haýaly,
hem ýetimiň, naçaryň
hakyn iýmejek bolýan,
gorajak bolýan ejizi,
penalajak bolýan şerden,
hemem gorap bilmese,
durup bilmese merdem,
öz-özüni iýýän hemem utanýan
adamlary ýigrenýär,
ýigrenýär ol olaryň
hudaýyny ynanýan,
imanyny, belki-de,
utanjyny iýen adam, meniňçe,
enaýy däl guýrugyndan
gaçyp barýan tilkiden...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024