Aýrybaşgalyk

"I can explain it to you, but I can’t understand it for you.” Saying

Belki-de men bu zatlary, jan etsem,
azda-kände düşündirip bilerin,
nädip geldik bu ýere,
nädip galdyk dara-dire,
aňyrsynda yş görünmez ötükde,
ýa nirede ýalňyşdyk,
hemem ýalňyşlara ýalňyş diýmäge
näme üçin öwrülmedi dilimiz,
ýa-da aýdylana, diýlene bakman,
ýa aýdany ala ýaba
ters mündürdik nämüçin,
nämüçin henizem ýapyk köçeden
öňe barýas özümizi aldadyp,
düşünidirp biljek saňa,
eger-de çynymy etsem,
dil baýlygym bar azajyk,
hemem öwretdi durmuş
otarmagy erteki,
ýa-da dessan aýdan ýaly,
arasynda goşgy bilen,
hem Nazaryň gitarasyn pitikläp,
düşündirip biljek men,
aňladyp biljek biraz,
bolmanda "hä" berdirmegi başarjak,
düşünen ýaly edip,
düşünmedim diýäýseň,
utanar ýaly gidip,
ýöne seniň ýeriňe
düşünip biljek däl, gardaş,
aňlap biljek däl asla,
hemem seň ýeriňe ot-suwdan geçip,
daglara dyrmaşyp, inip biljek däl,
seniň üçin türmä girip biljek däl,
ýa çykyp biljek ondan,
seniň üçin, eger-eger,
özüm üçin etdim muny,
sebäbi men özüm bolmak isledim,
öz ýolumdan gitdim ot-ýalna bakman,
hemem menzil aldym, azu-kän, garaz,
seň üçin ýolumdan dänip biljek däl.

Ýok, bu diňe bir özüňi bilmek däl,
belki-de bir zatlar saýgarmak, görmek;
Men indi başganyň arabasyny,
ýa ömrüni asla islemen sürmek,
ýa-da başgaň gözi bilen öňüme
seretmerin başga eli saýalap,
ýa geýmerin başga birniň penjegin,
ýa deňleşjek bolman başgaň deňine,
aýdym aýtmak gülki, belki,
meňki diýip başga birniň heňine,
emma başga birniň ýerne düşünmek,
ýa-da düşünmezlik,
ýa ýaşajak bolmak, söýjek bolmak ýa,
başga üçin iýip, doýjak bolmak ýa,
ýa-da berhiz tutmak, agyz beklemek,
bular hiç bolmady, bolmajak ýene,
hemem etmez kimse muny tersine.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024