Ýeňiş we ýeňliş
Seni gaýdyp dogry sözli,
dürs bolmagy özüňe
islemez ýalaky edip bilseler,
ýeňildigiňdir.
Ýa-da ýigrendirip bilseler işiň,
ömür beren, hemem çykan ýoluňa
puşman etdirseler içden bir ýerde,
duşman ýaly, öz-özüňi ýigrenseň,
ýa-da bolman, göwnüň geçse özüňden,
walla, üýşüp ýatan ömrüm barmydy,
wagtymy sarp etsem başgarak zada,
ne duşmanym bordy munça,
ne-de gabalardym bu garyp ada,
diýip ökünseň,
ýa-da men ýeterlik gowy däldirin,
däldirin dogry,
belki, meniň duşmanlarym mamladyr,
olar däl, hakyky mendirin ogry,
diýip nirde ejiz, egsik öňünde
özüňi kiçijik saýsaň bir pursat,
ýeňildigiidir,
ýok diňe däl ýeňildigiň,
urdugyňdyr öz şahaňa paltany,
eger saňa garşy dursa açgözler,
dogry ýoldan barýan diýip al many.