Göýdügiň ykbaly

Biri-birin ýok edýäne başarsa,
ýa aşak basýana özünden beter,
pikir etme aňsat bolar aýňalmak,
ýa garaşma hakdan hemaýat ýeter.

Diýme alla bir gün garaşyk eder,
egninden göterer ejiziň, horuň;
agzy ýetse bir-birini iýjege,
ne taňry, ne adam görkezer zorun.

Sebäp olar halka, hudaýa garşy,
bolsa-da dilinde halkym ýa hudaý;
soňuna çen gider düşen ýolundan,
hiç saklanjak bolmaz ruhy gedaý...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019