Özüňe ynan, adam!
Özüňe ynan, adam,
niýetiňe ynan ýagşy,
tanaýan bolsaň özüň,
hemem eneň-ataňy,
halal çörek iýdiren,
hiç partiýa girmedik,
elbetde, ilem bilýänidir,
ogurlyk etmedik bolsaň,
ýa sözlemäge ýalan
garşy duran bolsaň jinnek ýalaky,
hemem şarpyk iýen bolsaň çyn üçin,
ýamana ynanma eger-ger, hiç,
geçme ýykyjynyň ýanyna ýa-da
şer alar dünýäni diýme iru-giç,
gurujy bol hemişe,
gurujy gal hemişe,
gurjak bol ýykylan haraba görseň,
dikeltjek bol gaýtadan,
goý, kim bolsa bolsun ezilen, urlan,
ýa kimiňki bolsa bolsun,
ýykylan jaýa begenme,
kerpijini ogurlama,
ogurlama gapysyny,
alyp gaçma äpişgesin bir bendäň,
görmez ýa bilmez diýip,
ýa bilse-de gelmez diýip yzymdan,
eger tapmajak bolsaň
ogluň bilen gyzyňdan,
geçme ýykyjynyň ýanyna hergiz,
pursatparaz bolma, ýylgyrma, gülme,
ýa gül berme gol gowşurup ýykyja,
gorkma, işden kowsalar,
iş tapylar dünýede,
gorkma, türmä bassalar,
sähetli gün çykarsyň,
gorkma, ýurduňdan bezgek,
ýa-da gaçgak etseler,
ýurt tapylar dünýede,
düzüw bolsaň, bolmasaň
ogry ýa kellekeser,
dogry, ilki ýatyp bilmersiň ýyllap,
her gije düýşüňde yzyňa gidip,
emma ejeň öler aglap,
ataň aýrylar bir gün,
düşünersiň seni kyhlap özüni
agyr hala salan ahlaksyz hanyň
agyr hemem hiç çykgynsyz halyna,
özüňe ynan, adam,
eger-eger düşme hiç
öz-özüne ynanmaz,
ahlaksyzyň alyna!