Surat

Ini agasynyň ýüzüne urýar

Ini agasynyň ýüzüne urýar,
bilipmi, bilmän,
düşünipmi, düşünmän
näme edýänine ýa-da
agyrdýanyna neneňsi,
ataň adyndan gaçmak
haçandan boldy moda,
är bolup at çalyşmak,
ýaňy doglan çagany
goýsun döwlet asuda,
ertir ýigit çykanda,
bu kadasyzlyk haçan
boldy milletde kada?
Sorap bolanok emma,
bolsa-da neneň geňsi,
ini agasynyň göwnün opurýar,
aglar ýaly içden, çykarman sesin.

Herhal syr bermek bolmaýar,
çünki ene mazary bar arada,
ata bar depeden aşan mazaly,
hemem gitjek giç galman,
uýalar bar naçar, gözleri gorkan,
goňşular bar, bar dost, ýakyn,
hem ýatlar bar ýakynsyran,
peşe görse, pil etjek,
ini agasynyň ýüzüne urýar,
on bäş ýyllap sürgün bolan,
hem ertir yzyna gitjek...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024