Sen oýanma

Sen oýanma,
ýa-da oýa-da bolsaň,
ýatan bol uklap,
hor çek, gözüňi açma,
oýadygyň ýa oýanyp biljegiň
bilmesinler hiç,
barybir sen oýansaňam,
bu dünýäniň tizliginiň
yzyndan kowup ýeterden
bolar saňa gaty giç...

Sen oýanma, ýat süýji,
men barybir uklap bilemok gije,
ýa ir turýan ýatsam-da,
saňa derek köçede
talanýana, ezilýäne
iki esse ýanaryn,
hem elimden gelmese zat,
bolman arzuw ederin
ezileniň daýanaryn,
sen oýanma, arkaýyn ýat...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019