Gutarylmadyk goşgular
Goşgy ýazlan kagyzlary,
bölek-büçek başujumda,
stolumyň üstünde,
çekerde ýa depderçeleň gatynda,
iki setir, üç setir,
ýa-da uzyn hemem gutarmadyk hiç,
tamamlap bolmajak belki,
bäri-bärde, golaýlarda,
toplap, zyňjak boldum hapa çukurna,
sebäp ýazylmadyk goşgyň,
megerem ýazmanyň üçin,
özi däl, ony getiren
ylhamy ölýär ilki.
Emma başarmadym,
çünki özümi,
duýgularmy, ömür beren işimi
zyňýan ýaly boldum, gam basdy başym;
goşgy ýazlan kagyzlary,
bölek-büçek başujymda,
ýüregimde jaýladym,
belki, bir ýyl, iki ýyl soň,
gaýtadan gelmese ylham,
bermeli bolar aşyn...