• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Bilmedik bolýan

Bilmeýäne bilýäniňi bildirmek,
düşündirmek, belki, uly zähmet däl,
emma zähmet bolsa-da,
gerek bolsa edersiň,
gidersiň gitmeli iş ýaly her gün,
ir säherden turup, nobata durup,
gazet alyp kioskdan okara.
Emma bilmedik bolýana,
görmedik bolýana pili
aşhananyň töründe
aýbogdaş guran ýyllap,
bildirmersiň hiç zady,
ýa görkezip bilmersiň,
damak ýyrtyp, gygyryp.

Ýaşajak ýaşar bile
hütdük jaýda pil bilen,
hem turar irden bile,
ýylgyryp ýa-da gülüp,
işine gider irden,
agşam geler yzyna,
bolan bolup bagtyýar,
hemem hemmeler şeýle
bolmaly deý hamala,
müýnsüz bakar gözüňe,
bir söz diýseň jan durman,
gülen bolup sözüňe...

Dogry, hiç pil baky däl,
hem onuň otagdaşy.
Ölmedik çykar gyşdan,
her kimiň özi goşy,
hem golamy göterýän,
ýöne pile bela gelse,
ilki bolup gygyryp,
görmeýän bolar görýän,
bilýän bolar bar zady,
bilmedik bolýana bildirjek bolmak,
bolmak, belki, ata däl,
it-pişige ot berýän...

  • 12.12.2015
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019