Olar biziň yzymyzda
"Every word has consequences. Every silence, too." Jean-Paul Sartre.
Olar biziň yzymyzda,
gara terror astynda,
"gitdi" diýip aglady.
Biz olara "yzymyzda,
gara terror astynda,
galdy" diýip agladyk.
Emma ýene diýjek bolduk derdimiz,
yzdan bize dym diýdiler ýalbaryp,
gyrdyrýaň diýdiler bizi,
biz ne gepläp bildik, ne-de geplemän,
neh-ä daňdyk, ne-de çöşdük elmizi...