Surat

Her kimiň öz ýoly

Lapykeç, ýan beren söweşmän, durman,
kölgesinden gorkup ýaşaýan bende,
bendi bolup diwarlarna içinden,
kerpiçsiz galdyran ýaltanman günde,
birem bolsa, kän görünýär kämahal,
owarram, her kimiň öz işi durmuş,
ýaşaýyş her kime her hili ýetýär,
her hili görünýär ýeňiş hem olja,
diýip öz-özüňi köşeşdirýärsiň,
hemem bilşiň ýaly, ynanşyň ýaly,
öz ýoluňdan gitjek bolýaň sowulman,
kyn, hatarly bolsa-da,
her itiniň hapasyny ýygnamaz
gaharyň getirip durmaly däl-ä,
aýlanyp geç ýa-da ätläp geç görseň,
emma ýaňky ýan beren,
belki, wyždan azabyndan,
bagyşlap bilmeýär özüne hany,
hemem hytaý haýatyndan içdäki
kellesin çykaryp çala,
näletleýär öz ýolundan barýany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024