Günbatardaky Gündogar oýlanmasy
Olaryň döwleti ýokdy,
arzuwlary bardy diňe,
ýesirdiler, bendidiler
döwletliniň elinde,
emma bir gün, boljak zatmy,
döwleti synyp döwletliň,
döwlet indi başlaryndan,
gygyrdylar: "Biz garaşsyz!"
"Bir erkana, biz azat!"
Hemem haýdap başladylar
ýerli-ýerden ýykmaga
ýaňy ýörjen boljak bolan döwleti,
bir-birinden gabanyp,
bir-birine al salyp,
kimi ýitdi türmede,
kimi baş gutardy ýat ile göçüp.
Kim erkini galmak üçin ýerinden,
aýagynda durmak üçin ulanýar,
kim ulanýar ony dargamak üçin...