Güýz oýlanmasy
Uly ýagşylyga at başy ýaly
uly ýürek gerekmişin, elbetde.
Uly töwekgellik etmek aňsat däl,
belki, gowam däldir ula topulmak,
owal öz güýjüňi bilmän, ölçemän,
göz ýetirmän goldajaga, geljege,
ýel berjege ýa-da dil ýetirjege,
ondan kiçi ýagşylyk et, başarsaň,
her gün, her sagatda adam boljak bol,
pitjiň atma işin etjek bolýana,
äsgermezlik etme ejiz, egisigi,
tutma temegiňi göge, asmana,
diri barka hossar çykyp ölene,
aýdylana – bugdaý nanyň bolmasa,
bugdaý söz ber gelene,
gowy bolsaň - gowşak gören tapylar,
emma erbet bolup, yzgytsyz gülüp,
owal özüň zäherleme, öldürme,
duşmanyňy güldürme.