22 ýyl boldy
"At basman diýen ýerine müň basar." Türkmen nakyly
Ýigrim iki ýyl boldy!
Gadagan şindem,
ýurdumda bir setir goşgym
ýalňyş ýa-da tötändenem çap bolmaz,
gazetde ýa žurnalda
adym çykmaz adam sanynda görlüp,
ýaşdym, 33-de arzuw ederdim,
bagtym çüwse, gara sanawdan çyksam,
emma türme gara gapysyn açdy,
ökünmeli açmak üçin gulpuny,
ötünç soramaly çagaňy görjek,
ýa-da eneň gözýaşyny diňdirjek,
ýa-da duşmanyňy aglatjak bolsaň,
hemem söz bermeli dymmagy baky,
söz bereniň ýagşy, durup biljekmi,
ýok, bolmady, başarmadym, ýene-de
dar kamera, gözenege gabaldym,
ýaşdym, 37-de
diýdim çyksam gaýgy etmen dünýäni,
näme bolsa şol bolsun,
gaýgy etmen watany hem milleti,
boşasam baş alyp, giderin diýdim,
hemem diýdim garamaryn yzyma...
Bolmady.
Käbäm enem
garaşdy hem gitdi ýüregin tutup,
Han aga garaşdy gyzyna hemem
gözün gapa dikip soňky deminde,
"Gyzyň geldi, Baýramgüliň dolandy" -
diýip çagalary aldanlarynda
gözün ýumdy bir ýylgyran mysaly,
ýa emele emele edip,
ýalbardym hudaýa içime gidip,
alla, kakamy bir armanda goýma,
göreýin bir gezek,
hem Baýramgüle
ejesini görkez, soň armanym ýok,
gaýgy etmen şondan soňra dünýäni,
boldy, gördük, emma ýene yrza däl,
wagtal-wagtal hasrat bükýär bilimi,
sebäp etmen diýsemem,
alajym ýok, gaýgy edýän ilimi...