Surat

Kesbi-kär

Il üçin durjaga,
köpri gurjaga,
ýol çekjege dagy-daşy owradyp,
elini gabarçak edip,
gan öýdürip ýüregni,
bir nokada gelmek,
birleşmek gerek,
hemem ýykmak gerek gerek bolanda
işikdäki iň arzyly deregni,
durmak gerek her degerli kesegiň
arkasynda arslan bolup, şir bolup,
tilki bolup sapalak
atmak gerek däl asla,
ony oňa garşy goýmak,
garpyz bermek birleriniň goltugna,
beýlekiniň ýüregini çişirmek,
üçünjiniň tekerine taýakmy-demir sokmak,
dördünjiniň öňünde tapan zadyň üýşürmek -
pişesi däl ile beriljek merdiň,
kesbi-käri, meger, soňky namardyň.

1.11.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024