Surat

Asynyň goşgusy

Pablo Nerudanyň äheňinde

Men özümi asy diýip jar edýän,
çünki bogan sübsäm bolmady ýeke.
Ýogsa iki el beripdir ýaradan,
bat bermesin diýip bir dile teke.

Eger-de hiç sübse bogmajak bolsam,
nümüçin berildi bu eller maňa?
Gözüm gitse diňe bugdaý başyna,
gulaklarym diňe ýele üşerse,
ýap boýunda boýy ýeten sübselik,
gyzyl başy bişip, aşak gyşarsa,
emma meniň hiç gözüme ilmese,
orak alyp, ormasam hem sermesem,
gurutmasam günde endigan, elin
bogmak üçin iň bolmanda bir sübse,
ýol-ýodany syryp-süpürer ýaly,
ýa ýaradan sübse bogup bilmämsoň,
berdimikä gürläp gejçek ykbalyn?..

31.10.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024