Surat

Güýzüň manysy

Güýz diňe owadan sary surat däl,
gözelligin gözde guçup gitmeli.
Hemem köwşüň aşagyndan eşdilýän
ýaprak agysyndan gaçyp gitmeli.

Durup, siňe baksaň ne bir agaçda,
ne-de bir ýaprakda bitmez ýara bar.
Olar, ata-ogul ýaly hoşlaşan,
bir-birine buýsanç bilen garaýar.

Çünki hersi öz işini bitirdi,
hem indiki ýumşa taýýar her biri.
Güýz gussa çekmegiň wagty däl asla,
öwredýär ol ölüp galmagy diri.

29.10.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024