Surat

Adam käte özi bilen gürleşse

Käte adam öz-özüne jaň etse,
hemem özi bilen gürleşse biraz,
ýüz görmän, gönümel sorasa eger
soramaly sorag bolsa özünden,
durmaly ýerinde durmadyk bolsa,
barmaly ýerine barmadyk bolsa,
diýmeli sözüniň ýerine başga,
diýmesiz bir sözi aýdan bolsa ýa,
maksat tutup, menziline ugraman,
ýol başyndan yza gaýdan bolsa ýa,
sorag etse, sülçi bolup özüne,
aklawçy bolmasyn goýsa birsellem,
hemem göni jogap berse, gaçalak,
sapalak etmezden, bolşy deý mydam,
öz-özüni aldan bolup gitmese,
belki, öz-özüne golaýlardy has,
öz gulagna eşdilerdi öz sesi,
ýa teňňe deý ýyrtyk jübä atylan,
azalardy öz-özünde ýitmesi...

26.10.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024