
Ýowşan Annagurban

Soň gelen
Soň gelen aşa batyr,
başa çeker tabagy,
ýalar için, gemirer,
gyralaryn goparar,
iýer çemçäni dagy,
geýer gazany başyna,
"Başga ýokmy, walla,
doýmadym?" diýip,
garanjaklar daşyna,
gözi elek-çelekdir.
Soň gelenden geň görmäň,
ili-güni aç goýsa hem
aş goýmasa gardaşyna.
25.10.15. Rockville, Maryland