Bite gahar edip
Bite gahar edip, ýorgan otlanmaz,
bit otlanar, başarsaň.
Emma bitler tutup, otlap çykardan,
ýa-da ýok ederden köp bolsa çenden,
ýa-da ýorgandaşlar bite goşulyp,
ýa raýdaş bolup sessiz-sedasyz,
bitler bilen bile kesse ýoluňy,
bir biti otlasaň, onusy döräp,
bitçi alsa sagyň bilen soluňy,
bit sazyny çalyp ertir hem agşam,
hem aýdyma gygyrsalar hor bolup,
tans etseler hüwläp, daşyňy alyp,
bite gahar edip, ýorgan otlamaň,
gör, nireden gelýänini bilersiň,
hem eliňe otluçöpi alarsyň,
emma bitler ýene öňürder senden,
ot bererler ýorganyňa her ýerden,
hemem gygyrarlar hor bolup ýene,
ot beren edip ýorgana,
bite gahar edip, ýorgan otlanmaz,
taşlap gaýdylar dogana...
23.10.15. Rockville, Maryland