Surat

Ýagşylygy özi üçin etmedik

Gowulygy özi üçin etmeýän
seniň üçin edermi?
Gowulyga özi üçin gitmeýän
seniň üçin gidermi?

Çagyrma gelmese, kim bolsa bolsun,
bilip ýa-da bilmän çekilen yza.
Eliň berjek bolup, galma ýoluňdan,
aýak sesin eşdip çökene dyza.

Dogry, menziliňe ýetmän bilersiň,
ýa-da ýetirmezler, bu başga öwrüm.
Emma öz-özüni har eden üçin
Hiç haçan aýbyny agtarma döwrüň.

Hemem başga günäkäri gözleme,
her kim gowy etjek bolmasa işin.
Ýagşylygy özi üçin etmedik
ýylgyrtmaz hiç haçan özgäniň dişin.

21.10.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024