Surat

Göni gelen keýik

Göni gelen keýigiň aýby bolmazmyş asla
iki gözünden başga, adamyňky başgaça.
Onuň aýby kellesinde pikiri,
aýtjak sözleri dilinde,
gepledilse ýa berilse aýtjagyna ygtyýar,
onsoň adam aýdan sözüne görä,
nämäni nirede, kime hem haçan,
günäkär ýa hiç günäkär bolmaýar,
ýöne hakykaty aýdansoň adam,
ýa baransoň hakykata has golaý,
her näme et, öňki ýerde galmaýar,
belki, gaçýar howy basylyp örän,
sebäbi hakykat görlenin bilip,
gaýdan ýaly bolýar üstüne ýöräp...

20.10.15. Rockville, Maryland

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024