Suwly goşgy
Suwlar pese akýar mydam,
pese akmaň müşgüli ýok,
kynçylyk başlanýar diňe
beýige galjak, gitjegiň
alnynda hem ýeňsesinde,
gör, kimleriň gany galan
beýik gapyň eňsisinde.
Dag başyna münüp-düşmek,
belki, beýle ölümli däl,
sebäp ýokaryk galaňda
içi giden giňär biraz
aşak ineňde, geleňde,
hatda ýeller, pese düşseň,
bozjak bolup durmaz saçyň,
emma bu hiç aňlatmýar
gün görmegi pese gaçyp.
Suwlar pese akýar mydam,
hemem Ýeri gögerdýärler.
Meger, suwa meňzemeli,
il-gününe berlen ärler!