Bir tapawut
Onuň bilen gürleşmek
gürleşen deý KGB-niň
dikdüşdi sülçüsi bilen,
eliň gandally hem aç,
diňe günäkär bolup,
öz-özüňi garalap,
öz-özüňi ýazgaryp,
belki, nälet okap doglan günüňe,
öz-özüňe gabyr gazyp sypmaly,
sen mamla diýip diňe,
emma neneň ejizdigin
aňýaň seretmän siňe,
bir tapawut - ol özüni
KGB-den artyk saýýar,
saýýar aşa arassa,
ýöne özün görmek üçin
hiç açmaýar gözüni...
12.10.15. Praga, Waslaw Hawel aeroportunda asylan
suratlaryň aşagyndaky içgepletme.