Surat

Tarap goşgusy

Şeýle bir tarap kän dünýede, walla,
sag tarap, sol tarap, hemem bitarap,
ýa-da sagyň hemem çepiň arasy,
aram tarap, eger bolsa bu mümkin,
onsoň taraplaryň tarapyn tutýan,
ýa-da tutan bolýan bir topar adam,
hem bilmeýän nirä, nädip barýanyn,
emma bilýän diýip, döşüne kakýan,
damak ýyrtýan gerek bolsa, bolmasa,
ýa gapdaldan salyp galýan atyny,
eger-gere bagyşlamaz başgany,
tarapy başga bolsa,
başga bolsa pikir-oýy, garaýşy,
ýa ýalandan tarapyny tutmasa,
hemem il gözüne, özün kiçeldip,
nirede bir arzan hem leji çykan,
ýürege batmajak suwjuk söz bilen,
ýeňişini ykrar edip, ’çyn ýürekden’ gutlamasa,
ýa durjak, saklanjak bolsa,
ýa-da mertebesin gorajak bolsa,
çekmeli bor jezasyny, taraplar
tapar ony nirä gaçsa, bukulsa,
başga bolmak bagyşlanmaz adamda,
diňe alla bagyşlarmyş başgany,
sebäbi oň özi ýaradýar ony,
özi salýar başga oýy başyna,
özi berýär başga-başga ynanjy,
özi her hilije synaga salýar,
a soň gerek güni yzyna alýar,
şondan taňry ýigrenmeýär ýalňyşan
azaşan bendesin diýýärler hemem,
ak ýürekden toba etse, ökünse,
ýa gowy bolmagy islese çyndan,
ýa çagyrsa, ýetişermiş dadyna,
emma bu bir ynam, umyt belki-de,
süýji arzuw, kän hakykat bolmaýan,
taraplar daşyňy alanda üýşüp,
hemem demligiňden boganda agaç
ýa-da demir el bilen,
şeýle bir tarap kän dünýede, walla,
özüň çar tarapdan gorawer, Alla!

12.10.15. Praga, Waslaw Hawel aeroportunda,
sergide goýlan işleri görüp, sere gelen setirler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024