Surat

Şokaladly goşgy

Şokalad iýmejege
iýdirip bilmersiň zordan,
ýüzün-gözün çyrşak edip,
hem hapalap öz eliňi,
ol agzyny tutar mäkäm,
iter eliňi yzyna,
müň bahana tapar toslap,
iň bolmanda diýer: "Häzir iýjek däl,
soňurrak çaý bilen nemetjek borun,
şekalatçy däl men asla..."

Şokalad iýmejege
iýdirip bilmersiň zordan,
uzak illere gidip,
elim boş gelmäýin diýip,
aerportda süýşürenje puluňdan
delje süýji gözläp, kösenme, besdir,
şokalad iýjegiň özi nirede,
haýsy daşa daňsaň, boşanar, sypar,
hemem iýer gowusyny sensizem,
ýa şokalad ýerne taýak iýjekler,
her neneňsi sistema gur,
barybir her edip tapar taýagy,
edil aýak ogşajagyň,
haýsy ýurda, nirä barsa,
tapyşy deý aýagy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024