Bahyl bilen geňeşme
Bahyl bilen baý bolmagy,
beg bolmagy geňeşme,
ogurlar ol seniň pikiriň-päliň,
hemem satar zyýanyna,
urjak bolup ýodaň, ýoluň,
baý etmejek bolar seni,
beg etmejek bolar seni,
diýme onuň özem
baý boljak ahyr,
beg boljak ahyr,
işimiz oň bolsa,
elimiz gelse,
ol özüni,
öz bähbidin oýlamaz
saklap ýa büdredip bilse,
beglige het edeni,
saýlanyp däl ýeke-ýalňyz,
hatda özi bilen öňe gideni.
Bahyl bilen baý bolmagy,
beg bolmagy däl, hatda
batgadan çykmagy geňeşme bile,
ejiz saýyp, ýaşly görüp gözüni,
ol seniň pikiriň, päliň öwrenip,
aşak çeker gurban edip özüni.