Surat

Erkek adam

Erkek adam özüni
eçiler ejesine,
kakasyna, aýamaz,
aýalyna eçiler ol özüni,
hem eçiler çagasyna,
dogan-gardaş, dosty-ýara,
erkek adam özün gizlejek bolmaz,
hamyr ýaly basyrmaz ol özüni,
aljak bolmaz eli ýeten ýerinden,
talajak bolmaz özgäni,
ezjek bolmaz başarsa,
tersine, eçiler elde baryny,
ýerine, ýurduna ýarajak bolar,
gabanmaz dünýeden gyşyň garyny.

Erkek adam özüni
eçiler adamzada,
görkezjek bolmaz mazamlap,
eselmez, peseler ejizi görse,
zorluga, süteme daýanmaz, uýmaz,
ol özüni paýlar ýeten ýerine,
gysganmaz hiç azabyny, zähmetin,
başarsa hiç nem dammadyk ýerleri
suwarar maňlaý derine,
hemem mydam açyk bolar asman deý,
ýapyk bolmaz gapysy deý husydyň,
özi öz aýagnyň astynda galan,
erkek adam özün eçiler dünýä,
tapylsa alan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024