Surat

Meýletinlik

Eger-de adamyň özi meýletin
batgalyga giren bolsa,
ýagny biznes eden bolsa
edilmesiz döwlet bilen,
hem gapana düşen bolsa,
taladan bolsa özüni,
balagyna çenli, belki,
seniň nä işiň,
nemüçin ol seň ejeňi öldüren,
seň kakaňy öldüren
ganhor bilen şärik boldy birinji,
a soň senden haraý isleýär ýanyp,
jaň edýär: "Dat, bidat, watan galmady!"
Seniňmi ünji,
ýa-da alada,
öz siňegin özi gorasyn sen däl,
puly, ogurlany bolan guwanjy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024