Surat

Ýaş tokaýa barsaň

Ýaş tokaýa barsaň, ownuk agaçlar
bir-birinden dyzmaç uzadar elin;
howasy sergin däl, dymykdyr, çygdyr,
uzak galýan ýokdur niýetläp gelip.

Gojaman tokaýy gören adamlar,
asylly hem salyhatly baglaryň
saýasynda biraz duran adamlar,
öz-özünden dörän ýaly ýol-ýodaň
gyrasynda çatma guran adamlar,
ýol-ýodasyz ýaş tokaýda aljyrar,
hemem özi bilmän gelen ýerine,
nädip çyksam diýip, yzyna garar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024