Surat

Ajy hakykat

Gün bolsaňam,
gujak açmazlar diňe,
öňüňi baglajak köp bolar, belki.
Bulutlary böwsüp, çyksaň ýokaryk,
söýýan däl, ýigrenýän görüner ilki.

Sebäbi ol ýer ýumruklap, gargynyp,
görünýänin bilmän, çykar çygryndan.
Aý bolsaňam, ýüze sylmazlar diňe,
çünki nuruň geçer bahyl bagryndan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019