Surat

Men çopantelpegi gowy görýärin

Men çopantelpegi gowy görýärin,
çünki atam Annagurban taýakly
çopan bolupdyr.
"Kolhoz gurluşygna garşy" diýilip,
on ýyl berlip Stalin han döwürnde,
bäş ýyldan yzyna diri gelipdir,
goýnuny bakypdyr iliň,
çekene çopany bolup,
maldan-haldan çykansoň,
kakam pahyr aýdardy,
ýeke goýun ýitirdik,
töledik onam...

Belki, bu bir sentimental duýgudyr,
men çopantelpegi gowy görýärin,
çünki atam Annagurban taýakly
çopan bolupdyr,
goýnuny bakypdyr iliň,
ýöne men goýun bakmadym,
gözledim gözellik, bilim...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019