Surat

Demir gözenek

Demir gözenek diňe
taryh bolanda gowy,
gowy muzeý bolanda,
iki tarapyndan seredip bolýan,
hemem gidip bolýan pikir etmän kän,
gowy däl ol arkasynda galaňda,
daşardaky baglar hemem ýol-ýoda
ýetilmejek uly arzuw bolanda,
ýarpaklaryň pyşyrdysy ýelli gün,
ýagyşly gün aglap, gözýaş edişi,
güýz gelende, sary-sadylla bolup,
tänip, içe düşmän tötänden dagam,
bendiden uzaga gaýyp gidişi,
bular diňe çeken üçin aýandyr,
demir gözenege gözüni daňyp,
günlerini sanan kyrk bäş, elli gün,
gelmezmi diýip, garaşylýan belli gün?

Demir gözenek diňe
taryh bolanda gowy,
gowy muzeý bolanda,
çyralary nur saçyp,
ýogsa bir adamyň derdi,
ýa hasraty gözenekden aňyrda
beýle bir ullakan mesele däldir,
ölüp galsyn ýa-da gutulsyn gaçyp,
daşarda erkana ýaýnasa millet,
emma bir adama göz ýumulanda,
körleriň baryna gurular türme,
hemem hiç kim bermez gapysyn açyp...

Demir gözenek diňe
taryh bolanda gowy,
gowy muzeý bolanda,
gaçyp murtunyň towy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024