Adam diýlen
"Namartja olam, sagja olam" diýýärler,
hemme namart sag bolýarmy?
Ýa-da hemme hile eden, al salan
betbagtlykdan sowulýarmy?
Adam diýlen mert bolmaly azajyk,
gysýarlar, yzarlaýarlar,
ar alýarlar dogrusyny aýdandan,
köpläp, namart urup ýykýarlar ýere,
nirä gitse diwar dilliniň alny,
hawa, onsoň şeýle edýärler diýip,
dogry sözi aýtjak dälmi?
Adam diýlen mert bolmaly azajyk,
gara läbik çyrşaýarlar ýüzüňe,
işiňden kowýarlar, "düzüw" bolmasaň,
dil tapmasaň dil tapmaly il bilen,
ýa diliňi gysyp gezmeseň baky,
gaçýar gidýär sagdaky hem soldaky,
a soň türme, açlyk, kemsidilmek kän,
gowusy bolanda gaçmak, gutulmak,
ýurdum diýip gan aglamak gijeler,
yzda gözi ýolda ölýär ejeler,
atalar ýogalýar, armandan çykman,
hawa, onsoň şeýle bolmasyn diýip,
dymjakmy iň pesiň ’göwnüni’ ýykman?
Adam diýlen mert bolmaly azajyk,
sebäbi mert bolman galyp bolanok,
eglenip bolanok işiňde artyk,
ýogsa, dogry, galan ýalam edersiň,
belki, birazajyk ogurlarsyň kän,
belki, birazajyk içersiň artyk,
azgynlyk-beýleki bolar, elbetde,
emmaki her içe alan, ýygşyran,
gurban eden sözüň öldürer azdan,
ýa-da öli göwrä öwürer diri,
adam diýlen mert bolmaly azajyk,
hany, namart bolup, sypýarmy biri?