Surat

Meýhanada meý gutarmaz

Meýhanada meý gutarmaz,
gutarsa-da getirerler.
Çünki alyn derin sylman,
ýer agdarýan bolar mydam,
biri ýygar, bizi ezer,
hemem humlar dolar mydam!

Meýhanada meý gutarmaz,
ýöne meý gutarjak bolup,
gutarar adamyň özi,
emma bu-da mesele däl,
çünki bilip ýa-da bilmän,
adam ýasan bolar mydam,
hem boş galmaz meýhanalar,
sebäp ömürüň ejirlerne
hiç kim bilmez uzak çydap,
gelmejegem geler ýadap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024