Surat

Oba daşyndaky oýlanma

Gul bolasy gelýäne
"gul bolma" diýme hiç haçan,
eger diýseň, gazap edip,
ýüzüňe çeker gara,
öz ömrüni saýlar her kes,
galmaz hiç kim araçäre,
"gul bolaly" diýmeseler,
ýa "men boljak däl" diýseň,
bileleşip, alyp ara,
el-aýagyň daňmasalar,
süýräp Teke bazarynda,
üýşüp çekmeseler dara,
şükür et hem begen, ýöne
gul bolasy gelýäne
"gul bolma" diýme hiç haçan,
sebäp gul aşa köp bolsa,
gutular diňe ir gaçan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024