Surat

Durmuş

Durmuş uruş-galmagal,
ýa-da ýaryş däl soňsuz,
sallançakdan tabyda çen,
ylgap geçmeli durman,
pellehana barjak bolup öňürti,
yzdan geleni depip,
öňden geleni gapyp,
boýdan-başa hüňürdi,
kine, gahar bolmaly däl ýaşaýyş,
eli ejiz öldürilýän, gyrylýan,
darkaş däl ol eger-eger hemişe,
belki, kenar birazajyk durulýan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019