Surat

Her gezek ýola çykaňda

Her gezek ýola çykaňda, aeroportda sumkaňa
’harby syr’ atyljak hemem tutuljak ýalaky bolsaň,
her gün irden ýa agşam haýbatly kakyp gapyň,
"hökümete eý diýipsiň, beý diýipsiň ýaşula", -
diýip akyl berjek bolsa, utandyrjak bolsa iýen
duzuňy gözüňe dürtüp, "oglan, watanyň-a seniň,
ne arkadan pyçaklaýaň?" - diýip sorag etse kümsük,
haram tapsa, halala hiç bakmaýan,
ýa eliňe gandal salyp, alyp gitjekler ýaly,
ýa-da satlyk metbugatda "haramzada, däli" diýip,
jar etjekler ýaly her gün batanda,
gypjyn-gypjyn bolup ýaşajak bolsaň,
ýaşamak gerekmi beýle watanda?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024