Surat

Erkinlik aýdymy

Sen adama islemez
zadyny berip bilmersiň,
almaz ol ony asla,
ýa alsa-da ulanmaz,
sen adama gerekmejek,
idemedik zadyny,
gözlemedik närsesin,
berip bilmersiň, nähak
jan ýandyrma, kösenme,
öz duran ýeriňden seretme oňa,
öz baran ýeriňden seretme oňa,
öz duran ýerinden gara,
hemem düşünjek bol halyna, garaz,
adam gözi gitmedik,
göwni gitmedik zadyn,
ýa ýüregne oturtmadytk närsäni,
bilmedigin, görmedigin,
tanamanyn islemez,
sen ony zor bilen ýetmedik ýerne,
ýa çykmadyk belentligne galdyrma,
gaýdar ol aşak barybir,
üstüňden iner, belki,
maýyp eder duýman durkaň,
sen adama özüniň
bilmedigni bildirme,
sen adamy özüniň
gelmedigne geldirme,
akly-başy ýerindekä,
hem ýerinden galmasa,
sen adama islemez
zadyny berjek bolma,
özi aljak bolmasa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024