Surat

Üç ülpet duşuşdy bir meýhanada

Üç ülpet duşuşdy bir meýhanada,
içmek üçin, elbetde.
Biri diýdi: "Şeýle ýadadym, walla!"
Beýlekisi diýdi: "Etimden ötdi..."

Ilki ümsümlikdi, emma birazdan
agralan kelleler ýeňledi, gyzdy,
biri, soňky döwür ýaponçy bolan,
howada el bilen balygy çyzdy,
hemem diýdi: "Öwretmeli tutmagy,
ýöne berseň, iýip gutarýar millet,
tutmagy öwrense, ömür garny dok,
ýaşaýyş däl, walla, çekdirse minnet!"

Beýlekisi diýdi: "Aýdýarsyň dogry,
balyk berseň, bir gün iýer, ertir aç,
emmaki öwrense balyk tutmagy,
ýa bir hünär, ýa ýasasa bir gap-gaç,
adam ogly mätäç bolmaz kesekä,
ýa-da garny doky gezmez kesekläp..."

Emma üçünjiniň pikiri başga,
ol ne balyk bermegi,
ne tutmagy öwretmegi goldady,
diýdi: "Hemme balyk tutsa,
deňizde galmaz balyk,
Gowusy balygy adama bermän,
adamy balyga bermeli halk..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024