Durmuş duranda
Durmuş duranda ýa-da petige direlende,
agyr bolanda güzeran çenden-çakdan, çekerden,
ýaşaýyş bolanda güzap, gutulmaly gaçyp, tezip,
çagaňa çörek gazanmak darkaş bolanda soňsuz,
hökümet bolanda iň uly bela,
häkimýet bolanda iň uly hatar,
para, peşgeş, almak isleýän diňe,
hem sürünýän tank münüp pyýada,
erkekler çekilýär yza, aýallar öňe çykýar,
çünki öýi, ojagy, çagaňy taşlap bolmaýar,
itip bolmaýar ekleýjiň aç arslanyň agzyna,
enelere ogul gerek, çagalara gerek ata,
aýallara ýanýoldaş, uýalara ekek dogan,
diri gerek, öli däl, türmede däl, öýünde,
çünki erkekleri ýesir düşürip, ýa urduryp häkimýete,
agzy-burnun gan edip, maýyp edip, galmaz derde uçradyp,
gazanjak gazanjyň ýok, utulmasaň ömürlik,
durmuş duranda ýa-da petige direlende,
aýllar öňe çykýar, hem erkegi goramaly,
hem çagany eklemeli, hem ojagy saklamaly,
aglamadyk çaga ýokmuşyn emme,
ýa ýatan öküze iým berilmeýär,
emma muny bilip barmaýar hemme,
bilýän, ýanýan tapylsa-da az-owlak,
tersine, hiç zady namys bilmeýän,
eklenjini atyp aýal üstüne,
çagasyna ýükläp keşgini öýüň,
porsap ýatan az bolmaýar,
öz öýünde hanlyk satyp, gabaryp,
durmuş duranda ýa-da petige direlende,
binamysy, belki, hiç dert almaýar,
namysly är ölýär ardan agaryp...