Çopantelpek hakda ýazsaň
Çopantelpek hakda ýazsaň,
hem guwansaň tebigata,
walla, okap goşgularňy,
kellesini agyrtjak ýok,
emma tapylar guwanjak,
çünki tebigat gözel,
hemem jady durşuna,
ýuwa, ýelmik hakda ýazsaň,
hiç ýok seni türmä saljak,
hem adyňy garalajak,
ýa sesiňi bogjak boljak,
bu akyl hiç gelmedimi,
ýa gelende itdiň döşden,
elli bäşde adam bolman,
haçan, nirede düzeljek?
Belki, hiçden giç ýagşydyr,
kime-kimsä janygyp,
düşündirjek bolma sözüň,
muňa derek telefondan
güllere gönügsin gözüň,
sözsüz düşünişip bolýan,
söýüşip bolýan öpüşmän,
ýa aýrylyp - bolman duşman,
hem olaryň dagda-düzde
suratlaryn al ýadaman,
sebäp, belki, hakykatdan,
hiç zat diýmän dert bejerýän -
güller gerekli adama...