• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Geň arzuw

Tanşym diýdi soňky döwür
manekene gözüm gidýär.
Men ilki düşünmedim,
soň dikanlap soradym,
modellere diýjek bolýaňmy diýdim.
Ýok, ýok, modellere däl,
sebäp model bolsaň, geýip-çykaryp,
her eşikde eýläk-beýläk gezmeli,
a maneken şol bir aýnaň öňünde
durmaly hem bir etmeli işi bar,
egnindäki eşiklerin güjeňläp,
geçenleriň ýürek-bagryn ezmeli,
sowmaly, salmaly dükana süýräp,
ýok, çykyp däl, gymyldatman barmagy,
maneken bolmasa, kim başarardy
daş görnüşe gul etmegi adamy,
hemem muňa gep-gürrüňsiz yrmagy?

  • 05.09.2015
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Adam seniň obadaşyň 12.02.2019
Adam ýasawy 12.02.2019
Jemgyýet we jellatlar 10.02.2019
Beýik döwür 09.02.2019
At müneniň ahwaly 05.02.2019
El çarpyjy problemasy 31.01.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019