Surat

Adamlar ýola çykanda

Adamlar ýola çykanda,
nämüçindir, ýaraglanýar,
ýogsa ýiti keserli
almaýarlar uçara,
salmaýarlar gapydan,
emma olar gizläp, bukup,
biri gaýçy, biri pyçak,
biri dürtgüç ýa çakgy,
garaz, bir zat geçirjek,
adamlar ýola çykanda,
aýan bolýar şu gerçek,
nämüçindir, ýaraglanýar,
hem ýaragy alnanda,
her adam öz ýanyndan
birazajyk ýaralanýar,
"gaýçyjygym aldylar",
"wah, aldylar pyçagymy",
"çakgyjygym gowjady" -
ýolboýy uçarda için gepledip,
bulutlara bakyp, ahmyr çekýär kän,
adamlar, nämüçindir, ownuk zada gynanýar,
beterini görmese, utulmasa ullakan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019